TÜRKMENISTAN — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr


TÜRKMENISTAN — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr



«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň güwäsidir.

Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanan ägirt uly özgertmeleri dowam etdirmelidirler, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmelidirler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur! Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan makulladylar we goldadylar. Onda halypalygyň asylly däpleri, döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapdy.

Şeýle hem geçen ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesli häzirki döwürde geljegi döredijiler diýip atlandyryp bileris. Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekýärler, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.

Şeýlelikde, ýokarda agzalan ileri tutulýan garaýyşlarda beýan edilen Türkmenistanyň başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilmeginiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde netijeli esas bolup biljekdigini häzirden aýtmak bolar.