Dünýä ýaň salan sungat


Dünýä ýaň salan sungat



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň taryhyny öwrenmekde hem-de ony halka ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Adamzat üçin gymmatly bolan türkmeniň milli “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi” bütin halkymyzyň göwün guşuny galkyndyrdy. Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýokary okuw mekdebiniň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň “Dünýä ýaň salan sungat” atly sergisi geçirildi. Sergide zehinli talyp ýaşlaryň döreden şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda ýerine ýetirilen türkmen halkynyň aýdym-saz döredijiligine bagyşlanan eserler görkezildi.
Döredijilik sergide şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda türkmen halkynyň saz sungaty, parahat ýurdumyzyň waspy görkezildi. Şöhlelenen eserlerde halkymyzyň bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz goýan ussatlaryň keşpleri, ýaş suratkeşlerimiziň döredijiliginde esasy orun aldy. Biz sergilenen eserleriň üsti bilen halkymyzyň aýdym-saz döredijiliginiň has-da kämilleşip, şu günümize gelip ýeten baý taryhynyň bolandygyny görüp bilýäris. Şekillendiriş sungatynda ýaş suratkeşlerimiz toý-baýramlary nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda, grafikada ýerine ýetiren eserleriniň üsti bilen türkmen halkymyzyň milliligini açyp görkezýärler. Ykbalyny sungata baglan talyp ýaşlarymyzyň döredijilik gözleglerinde türkmen kompozitorlarynyň, aýdymçylarynyň keşplerinde janly hereketiň sazlaşygy emele gelýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň “Dünýä ýaň salan sungat” atly sergisinde görkezilen eserlerinde hamana halkymyzyň naýbaşy dutar sazynyň ýakymly owazy janly keşbe eýe boldy. Bu bolsa sergä tomaşa eden sungat muşdaklarynyň kalbynda mähirli orun aldy.

Bilbil ÇARYÝEWA