Zenanlary gutlamak dabarasy


Zenanlary gutlamak dabarasy



Şu günler Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerlerinde Halkara zenanlar baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar, türkmeniň milli däplerine eýerip döwlet derejesinde zenanlara hormat goýmak çäreleri dabaralanýar. Her ýyl hormatly Prezidentimiz bu baýramçylyk mynasybetli mähriban enelerimizi, baýdak boýly gelinlerimizi, eýjejik uýalarymyzy, çagalar bagynyň körpe gyzjagazlaryny, okuwçy we talyp gyzlarymyzy özüniň Şa serpaýy bilen begendirýär.

Mähriban Arkadagymyzyň sahawatyndan ýurdumyzyň gelin gyzlaryna Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde hem dowam etdi. Dabarada ministrlikde zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzy, mähriban enelerimizi, ajaýyp şygyrlar bilen wasp etdiler. Şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň, maşgalany we eneligi goldamagyň, jemgyýetiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileri bolup durýanlygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde olarda ata-watana, halka, jemgyýete we maşgala bolan belent söýgi hem hormat duýgularyny döretmekde enelerimiziň hyzmatynyň örän uludygy aýdyldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar zenan sarpasyny belentliklere galdyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.