Dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreler bilen tanyş boluň!


Dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreler bilen tanyş boluň!



Ozal habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, indiki aýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar guralar. Hususan-da, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr!» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly forum, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Dekabr aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy, «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bar.

Bu aýda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisini, Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak hem göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem garşylanyljak Täze ýyl baýramy we medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dekabrda geçiriljek dabaralar barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy döwürde Türkmenistanyň uly üstünliklere beslenýändigini, täze binalaryň we desgalaryň açylýandygyny nygtady. Ýakyn wagtda bolsa Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa dekabr aýynda boljak esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.