Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi



23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Giňişleýin mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Mundan başga-da, Prezident Maksatnamasyny we beýleki ykdysady hem-de durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.