«Abadan, asuda – Bitarap Watan»


«Abadan, asuda – Bitarap Watan»



Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdeplerinde we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda Reňk bilen surat çekmek (akwarel) we Galam bilen surat çekmek (grafika) ugurlary boýunça «Abadan, asuda – Bitarap Watan» ady bilen döredijilik eserleriniň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Reňk bilen surat çekmek (akwarel) boýunça: 1-nji oruna Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy
Aýsoltan Garagoçowa we Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Durdymyrat Guwanjow, 2-nji oruna Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Akgül Hommadowa bilen Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Mähriban Atabaýewa, 3-nji oruna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Şahnoza Ibragimowa hem-de Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Anastasiýa Pisarenko mynasyp boldular.
Galam bilen surat çekmek (grafika) boýunça: 1-nji oruna Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ogulnur Rejepowa we Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mekan Söýünow, 2-nji oruna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Güljan Agamyradowa we Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Enegül Annamyradowa, 3-nji oruna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Sülgün Alymjanowa bilen Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň G.Zelili adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Arslan Begenjow mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri we aýratyn tapawutlananlar diplomlar, hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.