Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasyny Prezidentini gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasyny Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.