Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun


Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun

Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Sport toplumlarynyň gurulmagy, dünýä derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegi, türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň çäginde hem dürli sport çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Ýakyndy «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde gurnamagynda «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun» atly şygar astynda sportyň dürli görnüşleri boýunça sport çäresi geçirildi.

«Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun» atly şygar bilen geçirilýän sport çäresinde küşt, woleýbol, stol üstünde oýnalýan tennis ýaly oýunlaryň oýnalmagy örän gyzgalaňly hem-de çekeleşikli geçdi. Talyp deň-duşlarymyz özleriniň bu oýunlarda ussatlyklaryny görkezdiler. Bu çäre biz talyp ýaşlaryň zehinlerini, ukyplaryny, höweslerini has-da artdyrýar.

«Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» şygar astynda dürli ýaşdaky adamlar sport bilen meşgullanýarlar. Şeýle çäreleriň, ýaryşlaryň geçirilmegi ýaşlaryň sagdyn nesil bolup ýetişmegine itergi berýär.

Altyn ÝANGYÝEWA