“Nowruz gelse äleme..”


“Nowruz gelse äleme..”



Bahar paslynyň gelmegi bilen, tebigat täsin gözelliklere beslenýär. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese bürenmegi, gülälekdir jümjümeleriň, älemgoşaryň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň läle-reýhanlygynyň keşbidir.

Merdana halkymyz öz durmuşyny hemişe tebigat bilen baglanyşdyrypdyr. Tebigatdan ylham alýan adamyň kalby ruhy joşguna dolýar. Halkymyzyň kalbynyň şahyranalygy hem gözel tebigatymyzyň ajaýyp serpaýydyr.

Abadan ýurdumyzda her bir şanly senäni, toý-baýramlarymyzy dabaraly hem giňden bellemekde, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri hem giň gerimli, uly işleri alyp barýarlar.

Halkara Nowruz güni, Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda ýakynda ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe ýaýlasyna we Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesine “Nowruz gelse äleme..” ady bilen awtobusly döredijilik gezelenjiniň guralmagy hem munuň bir mysalydyr. Joşgunly aýdym-sazlara beslenip geçen bu çärede, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri Halkara Nowruz gününi, Milli bahar baýramyny wasp edýän ajaýyp goşgularyny okap, bu gadymy baýramyň many-mazmunyny çykyşlarynda çeper beýan etdiler.

Tebigatyň bahar gözellikleri olara täze döredijilik ylhamyny bagyşlady. Ýazyň hoştap howaly gününde guralan bu döredijilik gezelenji diýseň täsirli boldy. Gözel tebigatda, joşgunly ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, okalan ajaýyp şygyrlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň belent waspy bolup ýaňlandy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň mart aýynyň 21-22-sine Halkara Nowruz güni, Milli bahar baýramy şatlyk-şowhunly, dabaraly bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Gündogar döwletleriniň uly topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy Türkmenistan döwletimizde-de giňden dabaraly bellenilýär.

Bu ajaýyp baýram türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “Nowruz gelse äleme, reň kylar jahan peýda...” diýen setirlerinde hem özüniň çeper beýanyny tapýar.

Jümle-jahany täsinlige besläp gelýän Nowruzda, merdana babadaýhanlar ekerançylyk işlerine gyzgalaňly girişýärler. Aslynda Nowruz ekerançylyk baýramy hasaplanypdyr. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» diýen pähimler hem bu baýramyň ekerançylyk ähmiýetlidigini aýan edýär.

Kalby päkligi, arassa ahlaklylygy, lebzihalallygy, pähim-parasatlylygy ündeýän nakyllarda, atalar sözlerinde, monjugatdylarda, folklor eserlerinde Nowruzyň gadymy baýramdygy bellenilýär. Baýramçylyk günleri ýagşy arzuw-dilegler edilip, täze geýimler geýilýär. Gyz-gelinler läle kakyp, monjugatdylary ýerine ýetirýärler.

Adatça, Nowruz günleri dünýä inen çagalara Nowruz, Nowgül, Nowbahar, Täzegül ýaly atlar dakylýar. Zeminiň ýaşlygy, juwanlygy hut Nowruz döwründen başlanýar. Gadymdan gelýän däbe görä, Nowruzda baýramçylyk saçagynyň naýbaşy tagamlarynyň biri bolan semeni taýýarlanylýar. Semeni adamyň kalbyny, ruhuny, bedenini arassalaýar diýen ynanç hem bar. Taýýarlanan semenide Bibi Patmanyň aýasynyň ýa-da Hydyr Atanyň penjesiniň yzy galsa, onda «Täze ýyl şowly, rysgally, bagtly ýyl bolýar» diýlip yrym edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem Nowruz bilen baglanyşykly nakyllara uly orun berlipdir. «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň-ýaz», «Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda». Ýaly dana sözler bu nusgay kitapda öz beýanyny tapýar.

Gündogar halklarynda giňden bellenilýän Nowruz baýramynda berjaý edilýän däpler, urp-adatlar, ynançlar ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly orun eýeleýär.

Toýlary-toýa ulaşýan Diýarymyzda Halkara Nowruz gününiň, Milli bahar baýramynyň dabaralary ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Bu baýram ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini brrkidýän ajaýyp baýramdyr. Bu baýramçylykda milli däp-dessurlarymyz, aýdym-sazlarymyz, tans, folklor eserlerimiz uly ruhubelentlikde ýerine ýetirilýär.

Toý-baýramlarymyzy ýokary derejede bellemäge ähli şertleri döredip berýän, milli mirasymyz, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri barada uly tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ogulgurban GAŞLAKOWA.