TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Günüň dogýan ýurdunyň» öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu saparyň dowamynda bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da berkitmek boýunça gepleşikleri geçirmäge, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar barada pikir alyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň netijeleriniň medeni-ynsanperwer ulgamdaky türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.