Nusgawy sazlary döreden kompozitoryň 250 ýyllygy mynasybetli konsert


Nusgawy sazlary döreden kompozitoryň 250 ýyllygy mynasybetli konsert



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli şeýle hem belli nemes kompozitory Lýudwig wan Bethoweniň döredijiliginiň 250 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa konserti geçirildi. Konserwatoriýada türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi bilen bir hatarda daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň döredijiligine bagyşlanan dabaralaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Konsertiň dowamynda kompozitoryň döredijiligi barada konserwatoriýanyň uly mugallymy sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylow gyzykly gürrüňler berdi şeýlede ussadyň döreden ajaýyp eserleri halypa mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle mümkinlikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.