Hereket — saglyk


Hereket — saglyk



Her bir ynsan, ýaşyna garamazdan, hereketde bolmalydyr. Munuň özi adam bedeniniň taplanmagyna, berkemegine oňyn täsir edýär. Sportuň beden maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika ýaly görnüşleri işjeňligiň artmagynda örän peýdalydyr. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýadawlygy aýryp, saglygy pugtalandyrýar. Dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşygyny sazlaýar.

Agyz suwunyň peýdasy



Saglygy gorap saklamakda arassa agyz suwunyň peýdasy örän uludyr. Hut şonuň üçin lukmanlar her gün azyndan 1,5-2 litre golaý suw içmegi maslahat berýär. Çünki suw bedende bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki zerurlyklaryň kadaly amala aşyrylmagyna gatnaşýar. Arassa suw talabalaýyk içilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar.

Görk — agyzdan



Saglygy goramakda örän köp zat talabalaýyk iýmitlenmäge baglydyr. Kadaly iýmitlenmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýilýän naharda belok, ýag, uglewodlaryň gatnaşygy ýeterlik mukdarda bolmaly. Günüň dowamynda dört-bäş gezek az-azdan naharlanmaly. Nahary howlukman, gürlemän, gowy çeýnäp iýmeli. Agşamlyk naharyny ýatmazdan 3 sagat öň edinmek maslahat berilýär. Gapdalyndan pasla görä gök önümdir miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse peýdaly. Çaýy nahar iýlenden ýarym sagat geçenden soň içmeli. Artyk iýip-içmek, aşa ýagly, duzly, burçly tagamlar saglyk üçin örän zyýanlydyr.



Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.