Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, ynanyşmak häsiýeti nygtaldy. Şol gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de AHHG-niň sammitine gatnaşmagynyň netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine, sebitde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.