Yssy howadan ägä boluň!


Yssy howadan ägä boluň!



Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:

-Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýip, ýaglyk dakynyň ýa-da saýawan göteriň!
-Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy sebäpli, köp mukdarda suw içmelidir.
-Gyzgyn gök çaý teşneligi gowy gandyrýar we suwsuzlygyň alamatlaryny aýyrýar.
-Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek düýbünden gadagan.
-Zerurlyk bolmasa, Gün şöhlesiniň ýitileşýän wagtlarynda, ýagny 11:00-dan 17:00-a çenli aralykda daşaryk çykmaly däl.