Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy



1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilýän «COP28» maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Inger Andersen bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň hem-de bu ýöriteleşdirilen düzümiň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, ekologik meseleleriň çözülmeginde ählumumy, sebit we milli derejede tagallalaryň birleşdirilmeginiň, döwletleriň her biriniň BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hem-de hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Şunda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bu ugurdaky bilelikdäki işler üçin binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere, hususan-da, atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak, Aral meselesinde tagallalary utgaşdyrmak, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, biologik serişdelerini aýawly saklamak bilen bagly durmuşa geçirilýän çärelere we öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetine üns çekildi.

Hanym Inger Andersen Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklady.