Gaýnadylan suwuň peýdasy


Gaýnadylan suwuň peýdasy



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak boýunça tutumly işlerde keselleriň öňüni almaklyga uly orun degişlidir. Ata Watanymyzda möwsümleýin ýiti respirator keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almak babatda hem giň gerimli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düzgünleri, berilýän maslahatlary berjaý etmek bilen, ýokuşyp biläýjek kesellerden goranyp bolar.
Ýaz-güýz pasyllarynda ýokanç keselleri döredijiler, mikroorganizmler, wiruslar iýmit, durmuş- galtaşyk we suw arkaly adama geçýär. Olar hapalanan howuzlarda suwa düşülende, çig agyz suwy içilende, miweler we gök önümler çig suw bilen ýuwlanda, suw arkaly adama geçip biler. Kesel çalt ýaýraýar we birnäçe adama geçip biler. Bu ýol arkaly geçende, ýokanç keseller, şonuň ýalyda garyn- içege, wirusly gepatit keselleri döreýär.
Tomus paslynda suw beýleki pasyllara garanyňda köp içilýär. Şonuň üçinem diňe gaýnadylan suwy sowadyp içmegiň peýdasy örän uludyr. Gaýnatmak bilen suw arassa hem howpsuz ýagdaýa getirilýär. Ýokary temperatura bakteriýalaryň köp görnüşlerini ýok edýär, zyýanly duzlary dargadýar. Gaýnag suw bokurdakda we burunda dümew ýa-da başga täsirler arkaly dörän dykylmalary açmakda, ganyň basyşyny kadalaşdyrmakda, bedeniň wiruslara garşy göreşijiligini ýokarlandyrmakda, dümewiň öňüni almakda, degna dartgynlylygyna garşy göreşmekde we ony gowşatmakda peýdalydyr.
Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli, miweleri we gök önümleri gaýnadylan suwa ýuwmaly. Gap-gaçlary bolsa arassa suw bilen ýuwmaly we ýörite ýuwujy serişdeleri ulanmaly.