MILLI TAGAMLARYŇ HALKARA FESTIWALY


MILLI TAGAMLARYŇ HALKARA FESTIWALY



Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar.
Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, Awazada geçirilen wekilçilikli foruma —Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz olara sebitiň zenanlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan uly we möhüm işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli aşpezlik sungaty islendik ýurduň medeniýetiniň örän gyzykly sahypalarynyň biridir. Onda milletiň durmuş däp-dessurlary hem-de aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň aşhanalarynyň birnäçe tagamlaryny taýýarlamagyň aýratynlyklary, azyk önümlerini işlemegiň usullary, sazlaşykly tagam utgaşmalaryny almagyň tehnologiýasy bilen gyzyklandy.
Hazaryň kenarynda geçirilen hünär ugurly bu forum oňa gatnaşanlaryň ählisiniň aňynda berekediň, açyklygyň hem-de hezzet-hormatyň ajaýyp baýramy hökmünde galdy.