“Gözelligiň gözleginde”


“Gözelligiň gözleginde”



Aşgabat şäher medeniýet müdirligniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde “Gözelligiň gözleginde” atly döredijilik sergisi gurnaldy.

“Nakgaş” bölüminiň 3-nji synp okuwçylary ,,grafika usulynda’’ gara galamda çekilen potretlerde okuwçylaryň çekiş usulynyň aýratynlygy görünýär. Okuwçylar adam keşbine seredip hakyky keşbi suratlandyrmagy, ussat suratkeşleriň eserlerini göçürip olaryň çekiş usulyny öwrenýärler. Şekillendiriş sungatynda portret esasy orunda durýar. Portret-adam keşbine aýratyn üns berip çekmek adam esasy ähli sungatlaryny baglanyşdyryjy. Janly adam sungatda esasy gahryman çekilen keşbinde, häsiýeti, oý-pikirleri, ýaşaýyş durmuşy beýan edilýär, dogruçyllygy we owadanlygy görkezilýär.

“Haly” bölümleriniň okuwçylary türkmen halkymyzyň aýratynlyklaryny boýalan ýüpleri ulanyp çitme, kakma usulynda beýan etdiler. Gobelen kakmasynda “ Paýtagtymyz Aşgabat” atly eserinde, ak mermerli binalary arassa asmanymyz bilen baglanyşýandygyny hem-de owazy türkmen halkynyň ýüreginde orun tapan milli saz guralymyz dutaryň çagalaryň dünýäsine çuň aralaşandygyny “ Dutar çalýan gyzjagaz”, “Dutarly oglanjyk” atly eserlerinde aýdyň görkezipdir. Çitilen horjunlar hem sergimiziň bezegi, okuwçylar gadymy nagyşlary öwrenip, gözelligiň gözleginde bolup, täze öwüşginde sazlaşygy döretdiler.

Biz ýaş nesillere bilim almaga döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

Güljemile AMANOWA.