Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi


Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu duşuşygyň dostlukly ýurduň milli baýramynyň — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat gelmegi özboluşly mana eýedir.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, «Aksaraý» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýurduň Lideriniň iş otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara gün tertibiniň gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlary, energetika, ulag-logistika pudaklaryny, medeni-ynsanperwer ulgamy bilelikdäki işiň möhüm ugurlary hökmünde görkezip, anyk teklipleri beýan etdi. Hususan-da, bu ýerde gürrüň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren degişli başlangyjyny amala aşyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, Hazar deňziniň üsti bilen türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Türkiýä ibermek ugrunda bilelikde tagalla etmek, ulag ýollarynyňdyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek ýaly wajyp meseleler barada barýar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de iki döwletiň Baştutanlary ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.