TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP



Geçen aý netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalar bilen ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşgin çaýdy. Bu döwürde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler, forumlar, syýasy geňeşmeler, maslahatlar, sergiler ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralýan çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda 30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň parahatçylyk diplomatiýasyna, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni dialoga, ekologik durnuklylyga we terrorçylyga garşy göreş alyp barmaga ygrarlydygy bellenildi. Mejlisiň ahyrynda Wankuwer Jarnamasy kabul edildi.

Şeýle hem şol gün BMG-niň ştab- kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan «Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM — 11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň nusgasy» atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Onuň dowamynda «akylly» şäher taslamasynyň Türkmenistanyň Hökümetiniň häzirki zaman şäher gurluşygy, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, saglygy goraýyş, sanly lukmançylyk, ekologikdurnuklylygy pugtalandyrmak ulgamlarynda durmuşa geçirýän tagallalarynyň görkezijisi bolandygy nygtaldy.