Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi − tükeniksiz baýlyk
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.
Milli Liderimiz dynç günleri boş wagtlarynda sport maşklaryny ýerine ýetirmegi we tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz agtygy bilen gezelençde bolup, Asma ýola tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündüler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşleri açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi.
... Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen Asma ýol boýunça gezenlenjini tamamlap hem-de onuň soňky duralgasynda düşüp, dag belentliklerinden tutuş gözýetimde ýaýbaňlanyp ýatan şäheri, gar bilen örtülen baýyrlary we jülgeleri synlady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, ähli welaýatlarda amatly gurşawy döretmek üçin toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Tebigat barada alada etmek bilen, biz geljekki nesilleriň abadançylygyny maksat edinýäris.
Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi şäher ýaşaýjylary, esasan-da, körpeler üçin täsin pursatlary döredýän adamlaryň zähmetine berilýän mynasyp bahadyr. Asma ýoluň işgärleri öz zähmetine berlen ýokary baha netijeli işlemek üçin döredilýän ajaýyp şertler, täze ýyl sowgatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar geljekde hem güýç-gaýratlaryny gaýgyrman, ilata ýokary derejeli hyzmat etjekdiklerine söz berdiler.
Bu pursatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň adam hakyndaky yzygiderli aladasynyň, ýurdumyzyň Täze ýyl baýramyna nähili taýýarlanýandygynyň hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öň ýanynda ençeme ajaýyp pursatlaryň garaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.