1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan sahna oýunlary görkeziler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragynyň» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ähli watandaşlarymyzy, esasan-da, ýazyjy şahyrlarymyzy buýsandyrýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň görkezilmeginiň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobillaryň hyzmaty ýola goýulsa maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada oýlanyp täze goşgy setirleri döredendigini aýtdy we bu ajaýyp goşgusyny okap berdi.