Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler
5-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 4-nji oktýabrda milli Liderimiz goň¬şy ýurda resmi sapar bilen bardy.
Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasyna resmi saparyny tamamlap, özüne garaşýan uçara mündi we Watanymyza ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelende, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň we onuň töwerekleriniň yşyklandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklaryna üns berdi. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň bezeg aýratynlyklarynyň biri hem gijeki yşyklandyrylyşy bilen baglydyr. Dürli öwüşginli çyralar paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanymyz şäheriň her bir künjeginiň, şol sanda dürli maksatly desgalaryň degişli yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýer Ç.Purçekowa anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda, şeýle hem tutuş ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezegine, olaryň yşyklandyrylyşyna uly üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz soň¬ky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde, onuň gijeki görnüşinde innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň işjeň ulanylýandygyny belledi. Munuň özi şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine, dürli yşyklandyryş çözgütleri arkaly özboluşly öwüşgini döretmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli görkezmeleri berdi hem-de bu ýerden ugrady.