Edebi eser dünýä dillerinde


Edebi eser dünýä dillerinde



«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda toý baýramlar goşa-goşadan gelýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistan diýarymyz milli bedew baýramçylygyny ulydan belläp geçdi. Baýramçylygyň öňi syrasynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde terjime edildi. Bu kitabyň täze dillerdäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dabaraly geçirildi. Dabara ýokary okuw jaýynyň halypa mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Çykyş eden mugallymlar kitabyň mazmuny bilen tanyşdyrdylar we dünýä dillerinde kitaplaryň halka ýetirilmeginiň wajyplygy bellenilip geçildi. Görnükli eseriň birnäçe dillerde terjime edilmegi wekilçilik edýän ýurtlaryň okyjylaryna uly gyzyklanma döredenligi aýdyldy. Bu hem olara ahalteke bedewiniň taryhy gelip çykyşy, häzirki ösdürilip ýetişdirilýän tohum atlar barada tanyşmaga mümkinçilik berer. Tanyşdyrylyş dabaranyň soňunda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.