Talyp joşguny-2020


Talyp joşguny-2020



2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny-2020» atly döredijilik festiwalynyň konserwatoriýa boýunça tapgyry geçirildi.
Festiwalyň düzgünnamasyna laýyklykda höwesjeň talyp ýaşlar edebi sazly kompozisiýa, Arkadagly ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary, degişme sahnasyny ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Dabarada görkezilen çykyşlardan talyplar Azat Bazarowyň we Ýagşygül Omarowanyň ýerine ýetiren Hormatly Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutýan beýik işlerini wasp edýän aýdymy şeýle-de talyp Gurbanmyrat Jumanyýazowyň we hor toparynyň ýerine ýetiren «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyny wasp edýän ajaýyp aýdymlary tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy.
Geçirilen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.