«Dabarasy dolup bütin äleme, Bagty buşlap, Nowruz geldi ilime» atly aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy


«Dabarasy dolup bütin äleme, Bagty buşlap, Nowruz geldi ilime» atly aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz toýdur baýramlara beslenýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Magtymguly atamyzyň 300 ýyllyk toýy birnäçe çäreler esasynda bellenip geçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan ugur alyp, ýaşlarymyz birnäçe üstünlikler, öňegidişlikler gazanýar. Ýurdumyzda geçirilýän medeni köpçülikleýin çärelerimize hem örän işjeň gatnaşýarlar.

Ine, ýaňy-ýakynda bolsa, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň Merkezi binasynyň toý dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen gurnamagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli «Dabarasy dolup bütin äleme, Bagty buşlap, Nowruz geldi ilime» atly şygar astynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Aýdym-sazly baýramçylyk duşuşykda ýokary okuw mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlary ýurdumyzyň baý tebigatyny, bahar paslymyzy, täze açylan gül-gülälekleri, Watanymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlary bilen çykyş etdiler. Çykyş eden ýokary okuw mekdebimiziň orkestr topary hem-de ýaş aýdymçylar şowly çykyş edenleri üçin birnäçe ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Milli Bahar baýramy mynasybetli «Dabarasy dolup bütin äleme, Bagty buşlap, Nowruz geldi ilime» atly şygar astynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygyň soňunda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.



Osman SAPARGELDIÝEW