MILLI GYMMATLYKLARYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA
Türkmen halkynyň döreden baý medeni mirasy ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, medeni ulgamda ösüş gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden, döredijilikli paýhasyndan kemal tapan maddy we ruhy gymmatlyklaryň geljek nesillere asyl görnüşinde ýetirilmeginiň, baý many-mazmunynyň özleşdirilmeginiň taryhy, medeni ähmiýeti bar. Çünki taryh şahsyýetiň giň gözýetimini, medeniýetini kämilleşdirmekde terbiýeleýji çeşme bolup hyzmat edýär. Başgaça aýdylanda, geçmişde bar bolan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alyp, ata-baba geçen ýolumyzy ýörelge edinmek arkaly şu günki we geljekki ösüşleriň binýadyny gurýarys.