TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI


Magtymguly Pyragy – ruhy dünýäň çyragy

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.