«Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»


«Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»



«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmekde yzygiderli durmuşa geçirýän beýik işlerinden ugur alnyp, şeýle-de türkmen nusgawy saz sungatyny, kompozitorlyk döredijiligini has-da ösdürmek, professional orkestrleriň, ansambllaryň we beýleki saz toparlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek; saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmak, saz eserlerini we täzeden işlenen türkmen halk sazlaryny halka ýetirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijiligine itergi bermek we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwaly geçirildi.

Festiwala saz guralynda ýekelikde we toparlaýyn ýerine ýetirmek ugurlary boýunça, fortepiano, kirişli saz gurallary (skripka, alt, wiolonçel, kontrabas), üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (fleýta, goboý, klarnet, saksafon, fagot, truba, waltorna, trombon, tuba, ksilofon) boýunça şeýle-de çagalar sungat hem-de ýörite sazçylyk we sungat okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz edaralarynyň professional saz bilimi bolan sazandalary we sungat okuw mekdepleriniň hem-de saz edaralarynyň saz toparlary gatnaşdylar.

Festiwala gatnaşanlar özleriniň ajaýyp sazlary bilen Garaşsyz Hemişelik Bitarap watanymyzy wasp etdiler. Olaryň çykyşlary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Festiwalyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlary we höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.