Işjeň hereket-ömrüňe bereket


Işjeň hereket-ömrüňe bereket



Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyna, durnuklylygyna «immunitet» diýilýär. Adam bedenine daşky gurşawdan howa, iýmit, durmuş galtaşyklary arkaly del maddalar, ýagny mikroblar, wiruslar, bakteriýalar we beýleki kesel dörediji mikroorganizmler aralaşyp bilýär. Ýöne adam bedeniniň immun ulgamy gije-gündiziň dowamynda hereketde bolup, olara garşy göreşýär. Immuniteti ýokary adamlara howa şertleriniň birden üýtgemegi, magnit hadysasy ýaly ýagdaýlar onçakly güýçli täsir etmeýär. Olaryň immuniteti bu ýagdaýlara garşy berk durup, işjeň göreşýär.
Immuniteti pugtalandyrmagyň iň ygtybarly usuly sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekdir. Munuň üçin dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden we nerw dartgynlylygyny döredýän ýagdaýlardan gaça durmak, işjeň hereket etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak zerurdyr. Ýöremek, ylgamak, ertirki maşklary ýerine ýetirmek adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Her gün 5 — 7 km aralygy ýöräp ýa-da ylgap geçmek maslahat berilýär. Ýöremegiň, ylgamagyň tizligi her bir adamyň şahsy ýagdaýyna baglylykda saýlanylýar. Bedene düşýän fiziki agramy kem-kemden artdyryp, ýuwaş-ýuwaşdan peseltmeli.
Her gün irden bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Irki maşklar bedeni gijeki dynçlyk ýagdaýyndan fiziki işjeňlige taýýarlaýar. Sportuň suwda ýüzmek, welosiped sürmek ýaly görnüşleri saglyk üçin has peýdalydyr.
Elbetde, bu çäreler diňe yzygiderli ýerine ýetirilende garaşylýan netijäni berýär. Bedeni berkitmek, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin gün tertibini dogry guramak, fiziki we akyl zähmetini dynç alyş bilen utgaşdyrmak, ýeterlik uklamak, zyýanly endiklerden gaça durmak, haýsydyr bir keseliň alamatlary peýda bolanda, gaýry goýman, lukmana ýüz tutmak möhümdir.

Durdymuhammet PENAÝEW