Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary


Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary



26-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllyk ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin ýörite sylaglara we degişli derejelere mynasyp boldular. Bu dabaralar ýurdumyzda öz tejribesini, bilimini we başarnygyny mähriban Watanymyza halal hyzmat etmek ýaly asylly işe bagyş eden, öz hünäriniň ussatlary we tapawutlanan işgärleriň aýratyn hormat eýesi bolýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maksada okgunly, köptaraply, öz borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän we Watanymyzyň bähbidine tagallasyny gaýgyrmaýan adamlar ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ählumumy agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary beýik Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, bagt, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.