TÜRKMENISTAN— BMG: AZYK HOWPSUZLYGY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK


TÜRKMENISTAN— BMG: AZYK HOWPSUZLYGY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK



Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we dostlugy, şol sanda azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bitarap Watanymyz döwletara derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletli geljek üçin köpugurly halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Azyk howpsuzlygynyň ähmiýeti howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda hem ykrar edilýär. Köp ýurtlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we olaryň täsirlerini peseltmek boýunça meýilnamalarynda, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyna uly orun bermegi munuň subutnamasydyr. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durnukly oba hojalyk tejribeleriniň ulanylmagy Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem ileri tutulýan ugurdyr.