Ganatly atym bar—Berkarar watanym bar
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
29-njy iýulda zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp, athanada Garlawaç atly mele bedewiň ýanyna geldi.
Bedewli gezelençden soň, döwlet Baştutanymyz ony athana getirdi, onuň kellekisini aýyrdy we bedewiň öňüne ot dökdi. Soňra bolsa Garlawajy arassa suwa ýakdy. Milli Liderimiz ýörite dürüşde taýýarlap, bedewi iýmledi. Edilýän idege hoşallygyň nyşany hökmünde üşükli Garlawaç öz eýesine başyny atdy.
Taryhyň dowamynda bedewlere ideg etmegiň kämil nusgasyny kemala getiren türkmen seýisleriniň atşynaslyk işi häzirki wagtda ylmy esasda ösdürilýär. Şonda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we täzeçil usullar giňden peýdalanylýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işler özüniň ajaýyp miwesini berýär.