AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ SERGISI AÇYLDY


AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ SERGISI AÇYLDY



15-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýän köp sanly adamlar onuň bilen giňişleýin tanyşmaga, özara bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.