MEDENI MIRAS — MILLI BUÝSANÇ


MEDENI MIRAS — MILLI BUÝSANÇ

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, şu günler sebitlerde geçirilýän «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahatlar düýn öz işini Lebap welaýatynda dowam etdirdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen senesiniň we Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasyndaky dabaraly çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan guraldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan maslahat welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirildi. Teatryň girelgesinde dabara gatnaşyjylary bagşylar topary joşgunly aýdym bilen garşy aldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi görnükli sanawdan orun alan milli el işlerimiziň birnäçe görnüşini özünde jemläpdir. Ýerleşdirilen haly we kilim önümleri, keşdeler on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň sungatynyň barha kämilleşýändigini görkezýär. Myhmanlar sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Noý-noý» aýdymlaryny hem diňlediler.

30 ýyldan gowrak wagt bäri alnyp barylýan Türkmenistan — ÝUNESKO hyzmatdaşlygy barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Eýýäm bir ýyldan bäri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hereket edip gelýän ÝUNESKO burçy hyzmatdaşlygyň netijesinde umumadamzat gymmatlygyna öwrülen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklary barada baý maglumat çeşmesine öwrüldi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hereket edýän ekologiýa ugurly ÝUNESKO kafedrasy hem bu ugurda möhüm ädimleriň birine öwrüldi. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdep bolsa ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna giren bilim ojagy hökmünde degişli işleri alyp barýar.

Dabaraly maslahat teatryň sahna ussatlarynyň«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýasy we molla Ependiniň şorta sözleri esasynda döredilen gysgajyk sahnalary bilen utgaşdy.