ÇAGALARYŇ SAGLYGY BARADAKY ALADA — DÖWLETIMIZIŇ DURMUŞ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY


ÇAGALARYŇ SAGLYGY BARADAKY ALADA — DÖWLETIMIZIŇ DURMUŞ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY



8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi. Mejlise gaznanyň müdiriýet agzalary we Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Onuň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işläp başlamagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.