Türkmenistanlylaryň saglygy we dynç alşy — döwletimiziň esasy aladasy
Türkmenistanyň Prezidenti “Altyn köl” dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.
Ilatyň ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen nobatdaky desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ösen şypahana ulgamyny, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezlerini döretmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady
15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary paytagtymyzyň Halkara howa menzilinden Daşoguz welaýatyna tarap ugur aldy we biraz wagtdan soňra Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary dowam edýär.