TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK



4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan gazeti