BILDIRIŞ


BILDIRIŞ



Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik eserlerinden düzülen «Gözellik döredýän zenanlar» atly sergi bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

1. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň suratkeş zenanlaryny ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge ruhlandyrmak, maddy hem ruhy taýdan höweslendirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.

2. Bäsleşigiň esasy maksady:

-milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, güneşli Diýarymyzyň tebigatynyň gözelliklerini ýokary çeperçilik bilen wasp etmekden;

-türkmen medeniýetini, milli mirasymyzy, milli ýol-ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleriň döredilmegini gazanmakdan hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň suratkeş zenanlarynyň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.

3. Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowularyny saýlap-seçip almak üçin bäsleşigi guraýjylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň şertleri:

1. Bäsleşige dürli ýaşdaky zenan suratkeşler gatnaşyp bilerler.

2. Bäsleşige gatnaşyjylar döreden eserleriniň ýany bilen özleri barada maglumatlary bermelidirler (okaýan, ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi).

3. Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk sergisiniň açylyşynda jemlener we bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbaha we höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.