Hormatly Prezidentimiz Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti ýurduň milli baýramy bilen gutlady


Hormatly Prezidentimiz Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.