Teatr we kino ussadynyň doglan güni mynasybetli kitap sergisi guraldy


Teatr we kino ussadynyň doglan güni mynasybetli kitap sergisi guraldy

Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Suraý Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli «Keşplerde ýaşaýan ynsan» atly kitap sergisi we gürrüňdeşlik guraldy.

Kitaphananyň sungat bölümi tarapyndan guralan sergide halypa teatr we kino ussadynyň ömri we döredijiligi barada dürli ýyllarda neşir edilen kitaplar, onuň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar, döwürleýin neşirler görkezilýär.

Kitaphana işgärleriniň Mary şäheriniň mekdep okuwçylary bilen geçiren gürrüňdeşliginde halypa artistiň teatr sahnasynda we kinofilmlerde janlandyran keşpleri barada giňişleýin gürrüň edildi.