Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň dersleri boýunça bäsleşik geçirildi
Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 54-nji sapakhanasynda «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň ýaş zehinli, bilimli talyplaryň arasynda ýyllyk işleri boýunça bäsleşik gurnaldy.
Bu bäsleşige «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyplaryndan: Aşirowa Arzuw «J.Freskobaldiniň klawir üçin a-moll fugasy I.S.Bahdan öňki döwürdäki fugalaryň nusgasy hökmünde», Sultanowa Ogulnur «B.Bartogyň «Mikrokosmos» toplumyndan №91, №92, №145 Hromatiki inwensiýalary», Ýangyýewa Altyn «J.Freskobaldiniň g-moll fugasy», Nuryýewa Aýnur «R.Şedriniň «Polifoniki depder» toplumyndan ostinato formalary», Welsähedowa Arzygül «I.S.Bahyň we üç sesli f-moll inwensiýalary» atly temalar bilen zehinli ýaşlar polifoniýa dersinden üstünlikli çykyş etdiler. Ýyllyk işleriň ylmy ýolbaşçysy «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Z.Jumagulyýewa boldy.
Garmoniýa dersinden bolsa «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyplaryndan: Hezretgulyýewa Ogulgeldi «N.Halmämmedowyň «Tema we wariýasiýalar» eserinde tonal-garmoniki ösüşiň aýratynlyklary», Gurbangulyýewa Mähri «N.Hojamuhammedowyň fortepiano üçin prelýudiýalary» we Joraýewa Jeýran «N.Halmämmedowyň «Pursatlar» toplumynyň birinji depderinde garmoniýa beýan ediş serişdesi hökmünde» atly ýyllyk işleri boyunça ýatda galyjy gyzykly çykyşlar etdiler. Olaryň ylmy ýolbaşçylary «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň dosenti Ý.P.Osipowa we uly mugallym Z.S.Gabibowa dagylar boldy.
Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň dersleri boýunça ýyllyk işlerinde talyplar II we III orunlara mynasyp boldular. Olardan O.Sultanowa we J.Joraýewa ikinji, O.Hezretgulyýewa, A.Welsähedowa we A.Nuryýewa dagy üçünji orunlara mynasyp boldy. Çykyşlary we çeken zähmetleri üçin A.Aşyrowa, M.Gurbangulyýewa we A.Ýangyýewa diplomlar bilen sylaglandylar.
Şular ýaly bäsleşikler geljekde hem dowamly geçirilmegine garaşylýar. Munuň esasynda bolsa ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda birnäçe bäsleşikler gurnalýar.
Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda üstünlik gazanan ýaş zehinli talyp ýaşlarynyň ençemesi sanaw boýunça görkezilýär. Bu ýerde hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli ýaş talyplarynyň barlygy hem bizi diýseň buýsandyrýar we döredijilik işlerine has-da itergi berýär. Berkarar döwletiniň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlara uly üns berlip, ynam bildirilýär.
Biz ýaşlara bolsa, şeýle sungat äleminde ynam bildirýän, bize okamaga, öwrenmäge we döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.