Türkmen diplomaty «Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy


Türkmen diplomaty «Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde ýerleşýän «Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Biz «Diplomatic World» žurnaly bilen hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris. Bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda düşünişmegi we ynanyşmagy has-da pugtalandyrjakdygyna bil baglaýarys» diýip, ilçi S.Pälwanow belledi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen «Diplomatic World» žurnalynyň arasyndaky gatnaşyklar 2022-nji ýyldan bäri, žurnalyň ýolbaşçylarynyň Halkara Bitaraplyk gününe gabatlap Türkmenistana amala aşyran saparyndan soň ep-esli ýokarlandy. Saparyň dowamynda žurnalyň wekilleri ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen tanyşdylar.

Belläp geçsek, «Diplomatic World» — dünýä syýasatyny, diplomatiýany, işewürligi, maliýe ulgamyny, sungatyny we medeniýetini özünde jemleýän elektron we çap görnüşinde üç aýdan bir gezek neşir edilýän, ýokary derejeli okyjylara niýetlenýän halkara žurnaldyr.

«Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçylarynyň akkreditasiýa edilmegi Türkmenistana halkara giňişlikdäki bähbitlerini has netijeli ösdürmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.