Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri


Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri» atly ylmy-usuly maslahaty

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okuw ýylynyň dowamynda kafedralaryň hepdeliklerini gurnamak we işjeň geçirmek däbe öwrüldi. «Sazyň nazaryýeti» kafedra hepdeliginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Ilki bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R.Amangeldiýewiň alyp barmagynda umumy mejlis geçirildi.

Mejlisiň dowamynda «Dutar sazlaryny öwretmekde halypa-şägirt däpleriniň iki ugry hakynda», «Hora dirižýorlyk etmekde talyplaryň ýerine ýetirijilik derejesini kämilleşdirmäge degişli maslahatlar», «Ýaş nesli terbiýelemekde saz sungatynyň ähmiýeti» atly temalar bilen ussat halypa mugallymlar talyp ýaşlara öz maslahatlaryny berdiler. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze açyp beren Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher Ýörite sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti hem-de Fortepiano bölümleriniň müdiri Elmira Oweniýazowa täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Ýörite sungat mekdebinde saz pedagogikasyny okatmagyň adaty görnüşleri barada çykyş etdi.

Soňra ylmy-usuly maslahat üç bölümçelere bölündi. «Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti: däp we innowasiýa» atly birinji bölümçesini «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Ş.Annaglyjowa alyp bardy.

Maslahatyň çäginde ýokary okuw mekdebinde mugallymlaryň berýän bilimleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de talyplary okuw prosesine has işjeň çekmek maksady bilen innowasion usullary ulanyp dersleri alyp barmagyň birnäçe görnüşleri barada çykyş etdiler. Ylmy-usuly maslahatda taryhy nazaryýet derslerini okatmagyň wajyp meseleleri, dersleriň mazmunyny we gurluşyny täzelemegiň ýollary, taryhy-nazaryýet dersleriniň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary hem-de saz-nazaryýet we taryhy dersleriniň dersara baglanyşygy baradaky tematiki ugurlar boýunça çykyşlar edildi.

«Sazyň taryhy» kafedrasynyň müdiri B.Ýakubowanyň alyp barmagynda «Halk saz ýerine ýetirijiliginiň usulyýeti: teoriýa we tejribe. Halk saz döredijiliginiň nusgalaryny toplamagyň we nota geçirmegiň meseleleri» atly ikinji bölümçede Türkmenistanda saz bilimini döwrebaplaşdyrmakda täze maksatlar we wezipeler, ýekebara hünär derslerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýeti, «Halk saz gurallary» orkestriniň ýerine ýetirijilik we repertuar meseleleri, dutar-gyjak sazlaryny nota boýunça öwretmegiň we nota geçirmegiň tejribe usullary barada çykyş etdiler.

«Ýerine ýetirijilik sungatynyñ taryhy we nazaryýeti. Ýerine ýetirijilik sungatynda interpretasiýa meseleleri» atly üçünji bölümçäni «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Gözel Magtymgulyýewa alyp bardy. Bu bölümçede käbir saz gurallaryň ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy we ösmegi hem kämilleşmegi barada ylmy maglumatlar gürrüň berdiler. Ýerine ýetirijileri okatmagyň usulyýetiniň aýratynlyklary, tehniki kynçylygyň käbir usullary barada hem-de çagalaryň durmuşynda sazyň terbiýeçilik wezipesini aýdyp geçdiler. Türkmenistanda fortepiano sungatynyň taryhy, innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen fortepiano saz guralyny çalmagy öwretmegiň usulyýeti, Çagalar sazçylyk we sungat mekdebinde fortepiano ýerine ýetirijiliginde okuwyň başlangyç endikleri we ökde hünärmenleri taýýarlamakda innowasiýa tehnologiýalaryň ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Soňra gysga wagtlyk arakesmeden soň, Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri» atly ylmy-usuly maslahatyň ýapylyşy geçirildi we hormat hatlary bilen sylagladylar.

Oraztäç AMANMYRADOWA