TÜRKMENISTAN—GERMANIÝA: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip


TÜRKMENISTAN—GERMANIÝA:

hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.