TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, söhbetdeşlikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki maslahatlar yzygiderli geçirildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda möhüm sebitara we ählumumy meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.