Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi


Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi

Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Şeýle dabaralaryň biri hem ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döreden «Türkmen binasy» aýdymy barada, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew «Magtymguly» operasy barada, Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew «Magtymguly» operasyndan Magtymgulynyň keşbini ýerine ýetirenligini, sahnadaky keşbi barada hem-de beýleki mugallymlar Magtymguly pyragunyň goşgularyna döredilen halk aýdymlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen «Söwdigim», «Näme sen», «Aýa döndi», «Delalat ýagşy», «Uýat eýleýir», «Armanym galdy» ýaly ajaýyp aýdymlar ussat mugallymlar tarapyndan ýokary derejede ýaňlandy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlaryny Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözleri bilen jemlediler.

Ogulnur SULTANOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň talyby