TDH-niň başlygy M.Gazakbaýew özbek kärdeşi bilen duşuşdy


TDH-niň başlygy M.Gazakbaýew özbek kärdeşi bilen duşuşdy



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Merdan Gazakbaýew Daşkent şäherinde Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrmak babatda tagallalaryň dowam etdirilýändigi bellenilip, iki ýurtda dürli ugurlarda ýüze çykýan oňyn üýtgeşmeler barada maglumat alşyldy. Şeýle-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň uly depgin bilen ösýändigi hem-de iki ýurtda alnyp barylýan özgertmeler barada dowamly maglumat alyşmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Merdan Gazakbaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Özbegistanyň Milli habarlar agentligi bilen dowamly gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini nygtady.

Mundan başga-da, TDH bilen UzA-nyň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň gerimini giňeltmek, žurnalistleriň tejribesini we hünär başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak üçin, degişli çäreleri görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.