Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy


Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy



12-nji martda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi. Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hemde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saýlawlaryň barşynda guralan medeni-köpçülik dabaralary bu taryhy ähmiýetli syýasy çäräniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşilendigini görkezýär.
Ir bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow awtoulagda maşgala agzalary bilen geldi.