Bahar sökelliklere bahana däl
Her paslyň öz aýratynlygynyň bolşy ýaly, baharda hem tebigat janlanýar, agaçlar pyntyklap, güller açylýar. Daş-töweregiň läle-reýhana bürenmegi adamyň göwnüni joşduryp, keýpini göterýär. Şonuň bilen bir hatarda hem sepgitde allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi, magnit hadysasynyň ýüze çykmagy adamlaryň saglyk ýagdaýyna jogapkärçiligini artdyrýar. Keseli bejereniňden, öňüni alanyň ýagşy. Şonuň üçin hem möwsümde şu düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär:
◊ Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremek peýdalydyr.
◊ Iýmitlenişe üns bermeli. Ýokumly witaminlere we minerallara baý miweleri, gök önümleri köpräk iýmeli. Aşa ýagly, agyr naharlary çäklendirmeli. Tagam taýýarlananda duzy artykmaç mukdarda ulanmak, bedende suwuklygyň saklanmagyna, gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär.
◊ Her gün azyndan 2 litr arassa suw içmeli.
◊ Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlar pasyl çalşygynda örän peýdaly.
◊ Ýazyna dürli iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän talaplary berk berjaý etmeli.
◊ Rahat ukyňy almaly. Iş bilen dynç alşy utgaşdyrmaly.
◊ Arassaçylyk düzgünlerine eýermeli.
◊ Nerw dartgynlylygyna sebäp bolýan ýagdaýlardan gaça durmaly.
◊ Pasla görä geýinmeli.
◊ Ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlar gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.
◊ Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaň!